Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlaşmak
tm EN RU

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody

Türkmenbaşy şäherindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk we gämileri abatlamagy ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar.

Umumy meýdany 166 000 inedördül metre barabar bolan zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergileri tamamlanan gämileri suwuň üstüne düşürmek we abatlamak maksady bilensuwdan galdyrmak üçin 10 000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnaldy.

Desgada gurnalan 84 tonna göterijilikli tekerli port krany,  42, 64, 80 tonna göterijilikdäki relslerde hereket edýän kranlar dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylýar. Zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet ediş howpsuzlygy bilen bagly bölümler utgaşdyrylan ýagdaýda işleri alyp barýarlar.

Giňişleýin

Hyzmatlarymyz

Bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr

  • Sport Gämilerini ýasamak

    Zawodymyz özüniň dizaýner we inžener düzümleri bilen birlikde ähli çylşyrymlylykdaky sport gämilerini ýasamaga ukyply

    Giňişleýin
  • Bug gazanlary we Kompressorlary öndürmek

    Alyp barýan inženerlik işlerimiziň kämilliginiň ýene bir subutnamasy bolsa bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alyp barýan işlerimizdir

    Giňişleýin
  • Radiator enjamlaryny ýasamak

    Senagatyň dürli pudaklarynda we oba hojalygy pudagynda ýyladyşhanalarda giňden ulanylýan radiotar enjamlary hem "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda öndürilýär

    Giňişleýin

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody sanlarda