Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Biz barada
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlaşmak
tm EN RU

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ 2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna (29.01.2019ý senesinde №1080) laýyklykda döredildi. 

Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ – Hazar deňziniň Türkmenistana degişli bolan, gündogar kenarynda, Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň golaýynda ýerleşen gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody.

Paýdarlar Jemgyýeti döredilmezden öň, 2018-nji ýylyň maýynda Türkmenistanda açylyp ulanmaga berilenTürkmenbaşy halkara deňiz portunyň düzüminde, portuň bir bölegi hökmünde Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bolan AGPJ girdi.

Biz barada

Türkmenbaşy şäherindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk we gämileri abatlamagy ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar.

Umumy meýdany 166 000 inedördül metre barabar bolan zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr.

Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergileri tamamlanan gämileri suwuň üstüne düşürmek we abatlamak maksady bilensuwdan galdyrmak üçin 10 000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnaldy.

Desgada gurnalan 84 tonna göterijilikli tekerli port krany,  42, 64, 80 tonna göterijilikdäki relslerde hereket edýän kranlar dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylýar. Zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet ediş howpsuzlygy bilen bagly bölümler utgaşdyrylan ýagdaýda işleri alyp barýarlar.

Gämi ussahanasynyň esasy tehniki häsiýetnamasy

Paýdarlarymyz