Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Hyzmatlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU

Senagat we Hojalyk maksatly önümçilik

"Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileri, nebit tankerleri, deňiz platformalary, buksirleri, katerleri ýasamak bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň  halk hojalygy we senagat pudagy üçin demirden dürli konstruksiýalary we taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak mümkin.

Sport Gämilerini ýasamak

Zawodymyz özüniň dizaýner we inžener düzümleri bilen birlikde ähli çylşyrymlylykdaky sport gämilerini ýasamaga ukyply. Ähli çylyşyrymlylykda emele getirilen sport gämisiniň her bölegi ussatlyk bilen taýýarlanylyp esasy göwresi we bezeg elementleri emele getirilende ussatlyk görkezilýär.

Uly göwrümli Demir listleri işlemek

Gämi gurluşugynyň we abatlaýyşynyň hem esasy bölegi bolan uly göwrümli demir listleri işlemek, poslardan arassalamak, gruntowka etmek we reňklemek zawodymyzda alynyp barylýan esasy hyzmatlaryň biridir. Bu ugurda ýerine ýetirýän işlerimiz Gämi gurluşyk we abatlaýyş işleriniň halkara standartlaryna hem gabat gelýär.

Bug gazanlary we Kompressorlary öndürmek

Alyp barýan inženerlik işlerimiziň kämilliginiň ýene bir subutnamasy bolsa bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alyp barýan işlerimizdir. Demir önümçiliginde alynyp barylýan işiň standartyndan habar berýän bu çylyşyrymly önümçiligiň inženerçilik işleri ýerli türkmen hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar.

Radiator enjamlaryny ýasamak

Senagatyň dürli pudaklarynda we oba hojalygy pudagynda ýyladyşhanalarda giňden ulanylýan radiotar enjamlary hem "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda öndürilýär. Bu enjamlaryň önümçiliginiň amala aşyrylmagy zawodymyzyň dürli pudaklar bilen hyzmatdaşlyk esasynda önümçilik alyp barýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.