BMG “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnama kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy anna güni “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan tassyklady. Taryhy ähmiýetli çözgüt 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisiniň çäklerinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen kabul edildi.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa halkara jemgyýetçiliginiň öňünde çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynda Bitaraplyk hukuk derejesiniň eýeleýän binýatlaýyn ornuna ünsi çekdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Diplomatyň bellemegine görä, hut Bitaraplyga ygrarlylyk Türkmenistana dünýä giňişliginde parahatçylyk döredijilik syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Çykyşyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesini ykrar etmek hakynda Kararnamany kabul eden wagtyndan bäri, Türkmenistanyň sebit we ählumumy möçberde öňüni alyş diplomatiýanyň möhüm guraly hökmünde bu çemeleşmäniň netijeliligini gökezip gelýändigi bellenildi.
Kabul edilen Kararnamada bitarap döwletleriň çäklerini parahatçylyk gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak babatda maslahatlaryň berilýändigi bellärliklidir.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. BMG-niň düzüminde şeýle hem Bitaraplygyň dostlary topary hereket edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda bolsa birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.
24.03.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly