Gurbanguly Berdimuhamedow Jebeldäki howa menziliň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde sişenbe güni Jebel şäherçesindäki täze halkara howa menziliniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow uçuş-gonuş zolagynda işleriň barşy bilen tanyşdy, bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň aýratynlyklary, olaryň berklik we halkara ölçeglere laýyklyk derejesi bilen gyzyklandy.

Toplumyň binalaryna, kömekçi desgalaryň enjamlaşdyrylyşyna, ýolagçylar üçin amatlylyk derejesiniň üpjün edilişine aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow täze howa menziliniň “Mollagara” şyphanasyna dynç almaga we bejergi almaga gelýän adamlar üçin amatly şertleri döretjekdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda geljekde kemala getiriljek desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy, taslama çözgütleri, şol sanda öwrüm ýollarynyň, howa gämileri üçin duralganyň, ýolagçy terminalyň, dolandyryş diňiniň, howpsuzlyk ulgamynyň, halas ediş we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň, tehniki desgalaryň, suw howzunyň, radiotehniki bekediň we olaryň ýagtylandyrylyşynyň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparyny tamamlap, Aşgabat şäherine geldi.

Jebel şäherçesindäki sagatda 100-e çenli ýolagçyny geçirmäge ukyply halkara howa menzilini şu ýylda açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Toplum şeýle hem elektrik bekedi, ýangyna garşy göreş gulluklarynyň edaralaryny, 35 metrlik dolandyryş diňini we tehniki hyzmat ediş desgalaryny özünde jemlär. Howa menzili ähli görnüşli howa gämilerini kabul edip biler.

02.04.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly