Türkmenistan bilen Russiýa Demirgazyk-Günorta taslamasynda möhüm oruny eýelär

Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmeginde möhüm orny eýelärler  . Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Aşgabatda çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijesinde mälim etdi.

Sergeý Lawrowyň aýtmagyna görä, bu taslama logistikada we Ýewraziýa yklymynyň ulag baglanyşygynda sebitiň ornuny has-da güýçlendirjek uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

“Russiýa we Türkmenistan bu hakykatdan hem geljegi uly başlangyjy durmuşa geçirmegiň ugrunda möhüm orny eýeleýärler. Bu taslama Demirgazyk bilen Günortanyň deňizlerini baglanyşdyrmak bilen, tutuş sebitiň logistikasy we Ýewraziýa yklymynyň ösüşi taýdan möhüm ähmiýete eýe bolar” diýip, ministr belledi.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň döwlet Baştutany bilen duşuşykda hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmek meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Taraplar bu duşuşygyň wagtyny gysga wagtda ylalaşmaga gyzyklanma bildirdiler.

27.06.2025

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly