Garabogazköl aýlagynyň üstünde gurlan 354 metrlik köpri ulanmaga berildi
03.11.2025
Şu gün Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylmagyna hem ak pata berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsinde Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, döwlet Baştutanyndan awtomobil köprüsini işe girizmäge ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ak pata berensoň, hormatly ýaşulular täze awtomobil köprüsinde toý bagyny kesdiler.
Täze köpriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirýän çykyşlary sanly ulgam arkaly görkezildi.
Soňra Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň işe girizilendigini aňladýan we ol barada maglumat berýän wideoşekiller görkezildi.
Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşyk işlerini türkmen gurluşykçylary bilen birlikde «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi.
Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan döwrebap köpriniň umumy uzynlygy 354 metre, ini bolsa 21 metre deňdir.
TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly
