Türkmenistan-Azerbaýjan: Hazar we Gara deňiz boýunça ýük daşamalaryny artdyrmakçy

28.01.2026

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesini ösdürmek, şol sanda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa portlary arkaly ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu mesele Azerbaýjan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Baku halkara deňiz porty» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen Baku şäherinde geçiren duşuşygynyň dowamynda garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň ösdürilmegi bilen bagly meseleler, şol sanda ähli gyzyklanýan hyzmatdaşlar, aýratyn-da Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň strategik hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, aýratyn hem Türkmenbaşy we Baku (Alat) halkara deňiz portlarynyň arasynda logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berilýändigi nygtaldy. Bu hyzmatdaşlyk özara söwda dolanyşygynyň artýan şertlerinde Hazar deňziniň üsti bilen ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga, Orta geçelgesini ösdürmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir.

Taraplar ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, serhetüsti we gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, şeýle hem tarifleriň peseldilmegi boýunça bilelikde görülýän çäreleriň multimodal gatnawlaryň we üstaşyr konteýner daşamagyň ösmegine itergi berendigini bellediler.

Hazar deňzi – Gara deňiz halkara üstaşyr-ulag geçelgesi Merkezi Aziýany Azerbaýjan, Gruziýa we Rumyniýa arkaly Ýewropa bilen baglanyşdyrýan multimodal ulag ugrudyr.

TÜRKMENISTANYŇ DEŇIZ WE DERÝA ULAGLARY DÖWLET GULLUGY

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly