Türkmen gümrükçileri BAE-li kärdeşleri bilen ulag serişdelerini barlamakda tejribe alyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti şu ýylyň 6 – 8-nji ýanwarynda Dubaý şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň “Jebel Ali” portunda ulag serişdeleriniň innowasion radioişjeň ulgamlar arkaly barlagdan geçirilişi bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň duşenbe güni habar bermegine görä, bu ulgamlar harytlara, şol sanda azyk önümlere zyýan ýetirmezden ýük ulaglary we konteýnerleri netijeli barlamaga mümkinçilik berýär. Şeýle usul sagatda 8-15 km tizlikdäki 150 ýük awtoulagy barlagdan geçirmäge ukyplydyr.

Saparyň dowamynda wekiliýet agzalary BAE-niň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Onda halkara gümrük hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Soud Alagrubi gullugyň alyp barýan işi hem-de ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny ornaşdyrmak tejribesi barada gürrüň berdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegini we şeýle operatorlary özara ykrar etmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Arap tarapy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny teklip etdi.

Türkmen wekiliýeti Dubaýyň Gümrük akademiýasyna baryp görüp, bu ýerde okatmagyň häzirki zaman usulyýetleri, şol sanda wirtual enjamlaryň ulanylyşy bilen hem tanyşdylar.

Bu sapar 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Abu-Dabi şäherinde gol çekilen gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk hakynda ikitaraplaýyn Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň möhüm bölegini emele getirýär.

15 Ýanwar, 2025 ý.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly