tenderler
SATYN ALMALAR HAKYNDA ÝÖRITE BILDIRIŞ
Ýurdy: Türkmenistan
Taslama: Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek
Pudagy: Ulag
Maliýeleşdirmegiň görnüşi: Karzlaşdyrmak
Maliýeleşdiriş belgisi: TKM-1012
Şertnamanyň ady: “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak
Halkara bäsleşik resminama belgisi: RFP/01
1. Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň Deňiz ulagyny ösdürmek taslamasy boýunça Yslam Ösüş Bankyndan (YÖB) maliýe serişdelerini aldy we bu maliýe serişdelerini “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça şertnamany maliýeleşdirmeklik üçin gönükdirmegi meýilleşdirýär. Bu taslama OPEK halkara ösüş gaznasy bilen bilelikde maliýeleşdiriler.
2. “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi aşakdaky talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri möhürlenen bukjalarda bäsleşik tekliplerini bermeklige çagyrýar:
i. “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak;
ii. Şu aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirmek bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň (Türkmenistan) mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak:
ERP (kärhananyň serişdelerini dolandyrmak) ulgamyny üpjün etmek we ERP bilen bagly tälim beriş okuwy;
Boýag etmek boýunça tälim beriş okuwy;
Dizaýnerçilik porgramma üpjünçiligi boýunça tälim beriş okuwy;
“Ro-Ro” görnüşli gämileriň ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek boýunça tälim beriş okuwy;
Gämi gurluşygyny dolandyrmak boýunça tälim beriş okuwy;
Birinji “Ro-Ro” görnüşli gäminiň gurluşygynyň dowamynda işgärlere önümçilik iş ýerlerinde tälim beriş okuwyny geçirmek (OJT).
Gämileriň gurluşygy we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilmeli möhleti 36 (otuz alty) aýdan we her gämi üçin 12 (on iki) aý kepillikli möhletden ybarat.
“Ro-Ro” görnüşli gämiler Türkmenistanda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Balkan”gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurulmaly. Zawodyň gämi gurluşygy üçin degişli bolan ähli infrastrukturasy, enjamlary we mümkinçilikleri gämileriň gurluşygynda Potratçy tarapyndan ulanylmaly.
Gämileriň gurluşygynda işçi güýjünden başga ähli adam gorlary (dolandyrmak, meýilleşdirmek, taslamalaşdyrmak, hil gözegçiligi, buýurmalary taýýarlamak we ş.m.) Potratçy tarapyndan üpjün edilmeli. “Ro-Ro” görnüşli demir ýol parom gämileriniň ähli gurluşyk işleri dolulygyna “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan ýerine ýetirilmeli.
Taslamanyň çäklerinde Potratçy gämi gurluşyk zawodynyň işgärlerine gämi gurluşyk başarnyklary we ukyplary bermek bilen, 2 sany “Ro-Ro” görnüşli demir ýol parom gämileriniň taslamalaşdyrylmagyny we gurluşygyny tamamlamaly. Potratçy işleri ýerine ýetirmek, taslamany dolandyrmak, meýilleşdirmek hem-de utgaşdyrmak, satyn almak, işe girizmek we synagdan geçirmek boýunça ähli talaplar üçin jogapkärçilik çeker. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidirler:
Gämi gurluşyk ulgamynda potratçy, kömekçi potratçy ýa-da dolandyryjy potratçy hökmünde 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, bäş ýylyň dowamyndan iş tejribesi;
Dalaşgäriň gämi gurluşyk zawodynyň bolmagy;
Dalaşgäriň özüniň gämi gurluşyk zawodynda esasy potratçy hökmünde azyndan 1 gämini gurup, ulanmaga tabşyrmakda tejribesiniň bolmagy;
Gämi gurluşyk poladynyň işläp taýýarlanyş göwrümi bir ýylda azyndan 5000 tonna;
Gämi gurluşygyna hil şahadatnamasynyň bolmagy;
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu aşakdaky maliýe talaplaryna laýyk gelmelidirler:
Dalaşgäriň häzirki maliýe durnuklylygyny we onuň gelejekki uzak möhletleýin düşewüntliligini görkezmek üçin, Buýrujy üçin kabul ederlikli bolan audit maliýe hasabatlaryny we beýleki maliýe hasabatlaryny bermek;
Gämi gurluşyk pudagynda soňky bäş ýylyň dowamynda häzirki bar bolan ýa-da tamamlanan şertnamalar boýunça alnan tölegleriň umumy möçeri hökmünde hasaplanan, ortaça 54 000 000 ABŞ-nyň dollary möçberinde ýyllyk pul dolanşygy;
Dalaşgär likwid aktiwleri, gozgalmaýan emläk aktiwleri, karzlarynyň we beýleki maliýe serişdeleriniň (şertnama boýunça hakujy töleglerden başga) gorlarynyň barlygyny görkezmelidir, ýagny: 9 000 000 ABŞ-nyň dollary möçberinde aýlyk pul akymy we pul akymyna umumy talaplar;
Potratçy, bilelikdäki kärhananyň agzasy, dolandyryjy potratçy ýa-da kömekçi potratçy hökmünde iň bolmanda soňky bäş ýylyň dowamynda bahasy azyndan 60 000 000 ABŞ-nyň dollary bolan we üstünlikli hem-de ep-esli derejede tamamlanan gämi gurluşyk şertnamasyna gatnaşmak.
3. Teklip üçin talaplar (RFP) YÖB-niň maliýeleşdiriş taslamasynyň çäklerinde harytlary, işleri we hyzmatlary satyn almak boýunça 2019-njy ýylyň aprel aýynda çap edilen we 2023-nji ýylyň fewral aýynda gaýtadan seredilen Gollanmasyna (Procurement of Good, Works and Related Services under IsDB Project Financing, April 2019, revised in February 2023) laýyklykda halkara bäsleşik söwda amallaryny (International Competitive Bidding (ICB) ulanmak bilen geçiriler. Satyn alyş Gollanmasynda görkezilişi ýaly, teklip üçin talaplar ähli laýyk gelýän dalaşgärler üçin elýeterlidir. Şeýle-de, gapma-garşylyklara ýol bermezlik üçin, Satyn alyş Gollanmasynyň Satyn alyş syýasaty bölüminiň 1.9.1-1.9.5 bentleri bilen tanyşmagyňyzy haýyş edýäris.
4. Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler goşmaça maglumaty aşakda görkezilen salgy boýunça “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginden (foreign_dept@tmrl.gov.tm / tmrl.foreign_dept@sanly.tm) iş wagty sagat 09:00-dan 18:00 çenli alyp bilerler.
5. RFP-niň doly toplumy bäsleşige gatnaşmaga hukugy bolan dalaşgärler tarapyndan 05.08.2024ý-dan başlap, ýazmaça arza berenlerinden we 345 (üç ýüz kyrk bäş) ABŞ-nyň dollary möçberinde ýygym tölänlerinden soňra, aşakda görkezilen salgy boýunça iş wagtynda sagat 09:00-dan 18:00 çenli iňlis dilinde alyp bilerler. Ýygym üçin töleg “Türkmendeňizderýaýolary” agentliginiň şu aşakdaky hasabyna geçirilmelidir:
Hasabyň ady: Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky
SWIFT: SBFETM22
Acc.: 28902000120128200001000
MFO: 390101201
Resminamalar aşakda görkezilen salga töleg hakynda kepilnama gelip gowşandan soňra, elektron poçta arkaly ugradylyp bilner ýa-da kompakt-diskde berlip bilner. Ýygym üçin töleg bilen bagly ähli bank çykdajylar we paçlar dalaşgäriň hasabyna amala aşyrylýar.
6. Teklipler 05.11.2024ý. senede sagat 13:00 çenli aşakda görkezilen salgy boýunça berilmelidir. Elektron satyn almalara ýol berilmeýär. Gijä galan teklipler kabul edilmez we yzyna açylmadyk ýagdaýda gaýtarylar.
7. Ähli teklipler 1 million ABŞ-nyň dollary möçberinde “Teklibiň kepili” bilen üpjün edilmelidir.
8. Ýokarda agzalyp geçilen salgy şulardan ybarat:
“Türkmendeňizderýaýollary” agentligi
745000, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, 8 “А” jaýy
Tel: +993 (243) 5-11-55 / +993 (243) 4-95-51
Faks: +993 (243) 6-07-51
E-mail: foreign_dept@tmrl.gov.tm / tmrl.foreign_dept@sanly.tm
Web: www.tmrl.gov.tm
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly