Broşuralar
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşar. Zawodyň umumy meýdany 166. 000 inedördül metre barabar bolup, zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10.000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 sany gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Mundan başga-da bu önümçilik desgasynda ýylda 2.000 tonna polady işlemek arkaly ýylda 20-30 sany gämide abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçiligi bardyr. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergi işleri doly tamamlanan gämileri suwa düşürmek we abatlamak maksady bilen suwdan galdyrmak üçin 10.000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnalandyr. Gämini sinhroliftde galdyrmagyň maksimal ölçegleri – uzynlygy – 155 m, ini-22 m, suwa çümüjiligi – 5,5 m. Gämi duralgalaryň ölçegleri günbatar tarapyndan uzynlygy 280 m , günorta tarapyndan 291 m. Portuň we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň akwatoriýasynda gämi duralgasynyň ortaça çuňlugy 9 m bolup durýar. Port we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tebigy aýlagda ýerleşenligi sebäpli, uly tolkunlar emele gelmeýär. Desgada gurnalan 84, 64, 42 tonna ýük göterjilikli portal kranlary relslerde hereket edýär we dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylýar.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň esasy maksady gämi gurmakdan we gämi abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Şol bir wagtyň dowamynda gämi gurluşyk we abatlaýyş işlerini aýratynlykda hem alyp baryp bilýar. Gämi gurluşygyň proseslerine gämi gurluşygynyň ähli işleri girip, materiallary kabul etmekden başlanyp, öňünden işläp taýýarlama, gurnama we gämini suwa düşürme işlerine çenli içine alýar.
Biziň paýdarlarymyz:
- “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi- (17%);
- Türkmenbaşy Halkara deňiz porty– (80%);
- “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti – (2%);
- “Türkmenistanyň ulag – logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti – (1%).
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň taryhy
1941-nji ýylyň noýabr aýynda “Taganrog gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” we “Rostow gämi gurluşyk we abatlýyş zawody «Красный Маяк» ewakuirlenen bazasynda “Krasnowodsk deňiz portunyň” garamagynda “Frunze adyndaky Krasnowodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” Kaspiý gury ýük gämi gatnawlary (КАСПАР) esaslandyryldy.
Meýdany 1,78 gektara barabar bolan Zawod, “KASPARa” degişli bolan “Reni” görnüşindäki özi hereket etmeýän suwuk ýükleri daşaýan gämisinde ýeňil we nawigasion abatlaýyşyny, Portuň kömekçi flotunyň 300 a.g. kuwwatlykdaky tirkeg gämileriniň orta we ýeňil abatlaýyş işleri, “Türkmenbalyk” trestine degişli bolan balykçy flotunyň gämileriniň orta we ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi.
Wagtyň geçmegi bilen, 1976-njy ýylda “Frunze adyndaky Krasnowodsk gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” önümçilik kuwwatlylygy boýunça alnyp barylan hasaplamalara laýyklykda enjamlarynyň we tehniki üpjünçiliginiň täzelenmesine zerurlyk ýüze çykdy.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, döwrebap deňiz söwda flotunyň döremegi boýunça Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň dünýä derejesindäki milli suw ulag ulgamy boýunça döwrebap tankerleri, Ro-Pax görnüşdäki paromlary, port tirkeg gämileri, ýokary tizlikli ýolagçy gämileri bilen üpjün edilip, şonuň bilen bilelikde döwrebap gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň zerurlygy ýüze çykaryldy. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda deňiz söwda flotuny täze gämileri bilen üpjün etmekde, ýerli we daşary ýurt gämileriniň abatlaýyş işlerini geçirmekde, Türkmenistanda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş işleriniň dünýä derejesinde ösmekligi boýunça işler geçirildi.
Bu babatda, 2014-nji ýylda «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen “Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp toplumlaýyn gurluşygynyň“ doly taýýar edip tabşyrmak” görnüşli şertnama baglanşyldy we portuň düzümindäki täze döwrebap tehnologiýaly we tehniki-enjamly gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody guruldy. 2018-nji ýylyň maý aýynda täze Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň dabaraly açylyşy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen gämi gurluşyk we abatlaýyş işleri kämilleşdirmek boýunça, şeýle hem bu hyzmatlary dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky karara gol çekdi. Bu bolsa, gämi gurluşyk we abatlaýyş bölümçesini Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan bölüp aýyrmaga sebäp boldy.
Zawodyň esasy tehniki- enjamlary
- Plazma we gaz plazma usulynda kesmek üçin kombinirlenen enjam (“ESAB” Germaniýa)
- 100 mm çenli galyňlykdaky polat listlerini kesmek üçin mümkinçilik berýär.
- I-, X-, Y-, V-, K-görnüşli kebşirleme seplemelerini döredýär.
- Markirowka mümkinçiligi bar.
- Syýa bilen markirowka mümkinçiligi bar.
- Plazma usulynda kesmek we profilleri transportirleme ulgamly robot (“HGG” Gollandiýa)
- Uzynlygy 3-10 m, galyňlygy 60 mm çenli işlenmedik sortinirlenen prokatlary işläp taýýarlamak mümkinçiligi.
- Markirowka (kod sanyny çap etmek).
- Içki we daşky deşikleri kesmek.
- Uzynlygyna kesmek.
- Listleri we profilleri öňünden işleniş desgasy (“BSM” Türkiýe)
- Listleriň we profilleriň abraziw usulynda arassalamak we grunt çalmak.
- Alyp beriji we düşüriji rolikli konweýer, öňünden işleýiş desgasy.
- Grunt çalynmagyň galyňlygy 20 mkm çenli.
- Abraziw usulynda arassalama işleriniň hili SA 2,5.
- Turba büküji stanoklar (“Doganer” Türkiýe)
- Sanly Dolandyrma Programmada turbalary sowuk halda bükme enjamy / gidrawliki halda turbalary bükýän enjam.
- Gidrawliki halda alyp beriji we aýlaýjy enjam.
- Birnäçe görnüşli bükme.
- Turbalaryň awtomatiki ugruny üýtgetme usuly.
- Ýokarlygyna we gapdalyna hereketleri sazlaýjy mehanizmler.
- Turbalary gaz plazma usulynda kesýän enjam: (“HGG” Gollandiýa)
- Turbalary kesme çäkleriň diametri 60mm-den 800 mm çenli.
- Turba saklaýjylary aýlaýan we gysýan enjamynyň gaz plazma usulynda turbalary kesýär.
- Gysyjy patronynyň kömegi bilen taýýar önümini aýlaýar (ok Y).
- Taýýar önüm ok esasynda aýlanyp, kebşirleme arkaly kesilýär.
- Turbalary otbortowka etmek üçin enjam (“KAAST” Germaniýa)
- 33,7-323,9 mm ölçegdäki turbalary otbortowkasy üçin süýşürilýän enjam.
- 21,3-114,3 diametrli turbalaryň otbortowkasy üçin enjam.
- Gilotina gaýçylary (“Durmazlar” Türkiýe)
- Iş çäkleri: Ini 2,5 we galyňlygy 8 mm
- Alyp beriji, listleri saklaýan pnewmatiki ulgamy.
- Metal listleri üçin stol.
- Kombinirlenen gaýçylary (“Şahinler” Türkiýe)
- Alyp beriji ulgam.
- Listleri saklaýan pnewmatiki ulgamy.
- Öň tarapdaky burç ölçeýji enjam.
- Demir ýonujy enjam (“Foreman” Türkiýe)
- Merkezden 11 m aralykda ýerleşýän demir ýonujy enjam.
- Gämi böleklerini daşaýjy ulag (köp tigirli) (“Commetto” Italiýa)
- Uzynlygy 14.5 m, ini 5m.
- Ýük göterijiligi 214 tonna.
- Tizligi 12 km/sag.
- Gämi galdyryjy (“TTS” Norwegiýa) we daşaýjy ulgam (“Ra In Ho” Günorta Koreýa)
- Uzynlygy 150 m.
- Ýük göterijiligi 10000 tonna.
- Göterijilik tizligi 0.2 m/min.
GÄMI ABATLAÝYŞ HYZMATLARY
- Uly göwrümli demir listleri posdan arassalamak, gruntowka işleri we boýag işlerini ýerine ýetirmek.
- Nurly Tolkun” hususy kärhanasynyň “Selbi” tirkeg gämisini dok desgasyna galdyrylyp, gysga wagtyň içinde gumlama, boýag işleri, winto-rulewoý kolonkanyň abatlaýyş işleri, kingston gutularynyň arassalama we abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.
- Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň kömekçi flotunyň “Älem” tirkeg gämisini dok desgasyna galdyrylyp, gysga wagtyň içinde gumlama, boýag işleri, winto-rulewoý kolonkanyň abatlaýyş işleri, kingston gutularynyň arassalama we abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.
- “ILK INŞAAT” kompaniýasynyň “Saroula” gämisiniň gumlama we boýag işleri ýerine ýetirildi.
- “Awazanyň ýalkymy” monumentiniň, poslamaýan turbo konstruksiýalarynyň kebşirlemesi, sepleme usuly bilen gurnaldy.
GOŞMAÇA HYZMATLAR
- Köprüler üçin dürli ölçegli demir konstruksiýalaryny ýasamak.
- Dürli görnüşli wallary ýonmak.
- 100 mm çenli polat listleri awtomatiki usulda plasma bilen kesmek we şekil bermek.
- Dürli görnüşli şäher yşyklandyryş direglerini ýasamak.
- Dürli ölçegdäki nurbatlary, hyrly boltlary ýasamak.
- Dürli şekilli haýýatlary, germewleri ýasamak.
Ygtyýarnamalar we sertifikatlar:
Russiýanyň gämi gatnaw boýunça deňiz registrinden alnan;
- Kebşirlemäniň tehnologiki prosesini makullama şahadatnamasy;
- Edaranyň gabara konstruksiýalaryna abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we gabaranyň hem-de gabara konstruksiýalaryna boýag işlerini geçirmek üçin laýyklyk şahadatnamasy.
Hünärmenleri taýýarlamak:
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda 1160 adama çenli iş ýeri göz öňünde tutulan. Häzirki wagtda hünärmenleriň sertifikatlaşdyrylmagy we gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň özüniň hem sertifikatlaşdyrma işleri alnyp barylýar. Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri tarapyndan SAW, GTAW, TIG görnüşli kebşirleýiş işleri we II derejeli bozulmaýan barlag boýunça ygtyýarnamalar alyndy.
Gämileriň abatlaýyş işleri:
«Balkan» GGAZ» AGPJ açylany bäri ýerli we daşary ýurt gämileriň düýpli, ortaça we ýeňil abatlaýyş işleri boýunça öz güýjünde işler ýerine ýetirildi. Şu güne çenli 6 sany ýerli gämileriň we 3 sany daşary ýurt gämileriň düýpli abatlaýyş işleri, 20 sany ýerli gämileriň we 4 sany daşary ýurt gämileriň ortaça abatlaýyş işleri we 23 sany ýerli gämileriň ýeňil abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi.
Daşary ýurtdaky gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodlary bilen hyzmatdaşlyk
Gol çekilen resminamalar:
- 2019-njy ýylyň 11-nji awgustda “Ak Bars” Birleşen önümçilik korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi (Tatarstan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy);
- 2020-njy ýylyň 27-nji maýynda “Derya Group Mekanik Inşaat Taahhüt Tersane San. ve Tic. A. Ş.” Kompaniýasy bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekildi (Türkiýe Respublikasy).
Baglanyşmak üçin meýilleşdirilýän resminamalar:
- 2020-nji ýylda “Birleşen Gämi gurluşyk Korporasiýasy” paýdarlar jemgyýeti bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär (Russiýa Federasiýasy);
- 2020-nji ýylda Deňiz enjamlary boýunça Koreýanyň seljeriş instituty bilen gämi gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekmeklik meýilleşdirilýär (Günorta Koreýa).
Gämi gurluşygy boýunça meýilnamalar
Ýolagçy gatnaw gämileri, gury ýük gämileri, konteýner daşaýan gämileri, läbik sorujy gämileri, üpjünçilik gämileri, nebit daşaýjy tankerleri we ş.m dürli görnüşli gämileri bilelikde gurmak boýunça öňdebaryjy daşary ýurt gämi gurluşyk zawodlary bilen gürrüňdeşlikler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan
+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39
tca@sanly.tm
tca.gov.tm
TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan
+993 243 60793
foreign_dept@tmrl.gov.tm
tmrl.gov.tm
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty
Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000
+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24
tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm
port.com.tm
Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti
Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan
+993 243 50261
info@mmf.com.tm
mmf.com.tm
BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY
SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.
FAKS: +993 243 49542
Telefon: +993 243 49441
E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm
Copyrigt © 2024. Ähli Hukuklary Goragly