GURY ÝÜK GÄMILERINIŇ GURLUŞYGYNDA

   

     «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işçileridir hünärmenleri iki sany gury ýük gämisiniň gurluşyk işlerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  yylynyň häzirki günlerinde  ýokary ruhubelentlikde  dowam etdirýärler.Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň  ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämileşdirmek maksady bilen  kabul eden «Gury ýük gämilerini gurmak ha kynda» Karary  açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimize ilkinji iri möçberli taslamany durmuşa geçirmek mümkinçiligini döretdi.Taryhy taslamany amala aşyrmak  üçin zawodymyz bilen Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň  ýanyndaky Ulag we  kommunikasiýalar agentliginiň  «Türkmendeňizderýayollary»  agentliginiň arasynda şertnama baglaşyldy.

Şeýle-de, jogapkärli wezipe bilen baglylykda Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen zerur bolan şertnamalar baglaşyldy. Şeýlelikde  her biriniň ýük göterijiligi  6 müň 100 tonna  bolan iki sany gury ýük gämisiniň gurluşyk  işleri ýaýbaňlandyryldy.

    Ykdysadyýetimiziň  geljegi uly ulag we kommunikasiýa pudagynyň durmuşynda şanly waka  bolan iri möçberli taslamany amala aşyrmagyň

kärhanamyzyň giň mümkinilikleri bilen berk baglanyşyklydygyny  aýratyn

nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagalasy bilen gurlan  döwrebap zawodymyz ýylda 10 müň  tonna  polady işlemek, 4 sany  gämini gurmak  20-30 sany kiçi we orta göwrümli  gämilerde abatlaýyş we bejeriş işlerini  geçirmek babatda zerur bolan şert-mümkinçilikleri özünde jemleýär. Zawodymyzda ornaşdyrylan ähli enjamlaryň döwrebaplygy bolsa ýerine ýetirilýän her bir işiň ýokary hil derejesini üpjün edýär

     Awtomatlaşdyrylan ulgamlara daýanýan önümçilik enjamlarynyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanýan hünärmenlerimiz gury ýük gämileriniň gurluşygynda hem guwandyryjy sepgitleri eýeleýärler. Gurulýan gämiler üçin gerekli materiallardyr ätiýaçlyk şaýlary Koreýa Respublikasyndan tapgyrma-tapgyr getirilýär. Hünärmenlerimiz gämileriň gurluşygynda, ilki bilen, demir listleri zawodymyzyň gämileriň demir önümlerini taýýarlama bölüminde talabalaýyk derejede arassalap, başlangyç boýag işlerini geçirdiler. Soňra olardan taslama çyzgylary esasynda ýokary tehnologiýaly plazma usuly bilen kesmek arkaly gäminiň kiçi bölekleri taýýarlanylyp, gämi gurluşyk işlerini ýerine ýetirmegiň tapgyryna laýyklykda, taýýar bolan kiçi böleklerden kiçi ýygnama işleri ýerine ýetirilýär. Bu işleriň tamamlanmagy bilen orta ýygnama işleri geçirilýär. Gurluşygyň bu tapgyryndan soň işler gäminiň uly seksiýa böleklerini taýýarlamak bilen dowam etdirilýär. Bu işler bilen utgaşyklylykda gämide turba we kabel geçirijilerini, goşmaça kömekçi gurnamalary ornaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Netijede, gury ýük gämisiniň gurluşygynda möhüm tapgyra ýetilip, ýagny birinji gäminiň uly seksiýa bölekleri gurluşyk meýdançasyna çykarylyp hem-de birleşdirme işleri amala aşyrylyp, gäminiň bloklary (bölekleri) taýýarlanylýar. Häzirki wagtda taýýar bolan bloklarda kärhananyň abraziw önümlerde arassalaýyş-gämi reňkleýiş bölüminde arassalamak hem-de reňklemek işleri alnyp barylýar.

   

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynyň birinji ongünlüginde ýurdumyzda ilkinji gezek gurulýan bu gury ýük gämisiniň gurluşygynda hem möhüm waka bolan «Keel Laýing» dabarasy geçirildi. Gämi gurluşygynyň dünýä tejribesinde ir döwürlerden häzire çenli geçirilip gelinýän bu dabara gurluşykda iň bir möhüm tapgyry, ýagny täze gäminiň döremegini alamatlandyrýar. Bu özboluşly dabaraly çäre gäminiň gurluşyk işlerine dahylly jogapkär adamlaryň hormatly myhman bolup gatnaşmaklarynda geçirilýär.

     Özüniň gysga taryhynda milli ykdysadyýetimiziň geljegi örän uly pudagyna öwrülen gämi gurluşyk pudagynda alnyp barylýan bu işleriň ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýandygy, ýagny gury ýük gämileriniň gurluşygyna gatnaşýanlaryň 95 göterimden gowragynyň ýerli hünärmenler bolmagy guwandyryjydyr. Olar gämi gurluşyk işleriniň inçe tilsimlerini ussatlarça ele alyp, uly tejribeleri toplaýarlar. Kärhanamyzyň bu babatdaky örän uly şert-mümkinçiliklerini çalt we başarjaňlyk bilen özleşdirýärler. Şonuň üçinem olaryň Hazar sebitinde dürli halk hojalyk ýüklerini daşamakda amatlylygy bilen tapawutlanjak gury ýük gämileriniň gurluşygynda gazanýan üstünliklerini ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitleriň aýdyň nyşanlarynyň biri hökmünde görkezmek bolar. Gämi gurluşykçylarymyzyň eýeleýän şeýle taryhy sepgitleriniň sakasynda durýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

GÜÝÇMYRAT AMANOW

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary.

30.01.2025ý.

Gury ýük gämileri gurulýar

   

 

   Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» kabul eden Karary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň durmuşynda taryhy waka boldy we ol iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gözbaşyna öwrüldi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň      «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Netijede, Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak barada degişli şertnamalar baglaşyldy. Iri möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde kärhanamyzyň uly mümkinçiliklere eýedigini aýratyn nygtamak gerek. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işlemäge, 4-6 sany gämini gurmaga mümkinçilik berýär. Mundan daşgary hem 20-30 sany kiçi we orta göwrümli gämilerde abatlaýyş we bejeriş işlerini ýokary hilli alyp barmaga zerur şertler döredilendir. Şunda ýerine ýetirilýän işleriň döwrebap tehnologik enjamlara, awtomatlaşdyrylan ulgamlara daýanmagy hyzmatlaryň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlarydyr mehanizmleri, awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji enjamlary bilen üpjün edilen zawodyň hyzmatlaryna islegler durnukly artýar. Kärhanamyz dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini, katerleri abatlamakda, halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demir gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary taýýarlamakda giň gerimli işleri üstünlikli alyp barýar. Sargytlar esasynda läbik sorujylary düýpli we ýeňil abatlamak, dürli görnüşli konteýnerleri abatlamak, kebşirlemek, reňklemek, hyzmat ediş gämilerini we ýüzüji serişdeleri tehniki taýdan gözden geçirmek işlerini hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Zawodda hünärmenleriň iş ussatlyklaryny ýokarlandyrmak, tejribeleri alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen yzygiderli gatnaşyklar ýola goýulýar. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde alnyp barylýan giň gerimli işler we toplanylan tejribeler, şeýle-de kärhananyň halkara standartlara laýyklygyny tassyklaýan degişli şahadatnamalardyr belgiler bilen üpjün edilmegi täze gury ýük gämileriniň gurluşyk işlerini ynamly alyp barmaga itergi berýär. Kärhanada bu tutumly işe ähli taraplaýyn taýýarlyk görlendigini nygtamak gerek. Gämileriň gurluşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutulan 300-den gowrak hünärmen iki aý möhletli okuw sapaklaryny we türgenleşikleri geçdiler. Şertnama baglaşylan kompaniýanyň bilermenleri olar bilen gämi gurluşygy, gämi gurluşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak we gurluşygy maliýeleşdirmek, gabara gurluşygy we kebşirlemek, turba işleri, mehaniki hem-de elektrik işleri, hil gözegçiligi ýaly birnäçe ugurlar boýunça sapaklary, synag işlerini alyp bardylar. Gurulmaly gämiler üçin gerek bolan materiallaryň hem-de ätiýaçlyk şaýlarynyň ilkinji tapgyrynyň Koreýa Respublikasyndan getirilmegi gämileriň gurluşygyna guramaçylykly girişilmegine mümkinçilik berdi. Gury ýük gämileriniň gurluşygyna gatnaşýan hünärmenleriň 90 göterimden gowragynyň ýerli hünärmenler bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi geljegi uly bolan ulag we kommunikasiýa pudagynyň milli hünärmen­ler bilen üpjünçiliginiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da berkeýändiginiň anyk subutnamalarynyň biridir. Geljekde Hazar sebitinde dürli halk hojalyk ýüklerini daşamakda amatlylygy bilen tapawutlanjak gury ýük gämileriniň uzynlygy 128 metre, ini bolsa 16,5 metre deň bolar. Gämileriň nowalarynyň (bortlarynyň) beýikligi 8,3 metre ýeter. Gurluşyk işlerinde halkara talaplar berk berjaý edilýän gury ýük gämileriniň dürli derejeli ýüzüşleri amala aşyrmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, olaryň Klassifikasion jemgyýetleriň halkara assosiasiýasy tarapyndan kabul edilmegi babatda resmileşdiriş işleri hem alnyp barylýar. Umuman aýdanyňda, zawodyň hünärmenleriniň hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurluşygyna girişen gury ýük gämileri ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamynyň işleriniň üstünliklere beslenmegine netijeli itergi berer.

Güýçmyrat Ama­now, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Şaýoly, jaý 7. Aşgabat 744005, Türkmenistan

+993 12 94 06 29, +993 12 94 06 39

tca@sanly.tm

tca.gov.tm

TÜRKMENDEŇIZDERÝAÝOLLARY agentligi

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi, jaý 8″A”, 745000, Türkmenistan

+993 243 60793

foreign_dept@tmrl.gov.tm

tmrl.gov.tm

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Şagadam köçesi 8 jaý. Index: 745000

+993(243) 4-91-92 Faks: +993(243) 4-95-24

tisp.marketing@port.com.tm, tisp.cad@online.tm

port.com.tm

Deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdalar jemgyýeti

Türkmenistan, Balkan welaýaty,Türkmenbaşy şäheri, Bahry-Hazar 1, 745000, Türkmenistan

+993 243 50261

info@mmf.com.tm

mmf.com.tm

BALKAN GÄMI GURLUŞYK WE ABATLAÝYŞ ZAWODY

SALGYMYZ: Türkmenistan Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş. köçe Şagadam, jaý 8.

FAKS: +993 243 49542

Telefon: +993 243 49441

E-mail: marketinginfo@balkanshipyard.com.tm

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly