Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky 1080 belgili kararyna laýyklykda 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-i özbaşdak kärhana hökmünde işläp başlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-i tarapyndan daşary ýurt gämi gurlyşyk kompaniýalary bilen gämi gurmaklyk boýunça işler alnyp barylýar we ýakyn wagtda gämi gurmaklyk meýilleşdirilýär. Şeýle hem, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gämi gurluşyk ugurlary boýunça ýokary okuw jaýlaryny, ýörite hünar okuw mekdeplerini tamamlan, daşary ýurt dillerini bilýän, jogapkärçilikli, öňde goýlan tabşyryklary doly we dürs ýerine ýetirilmegine ukyp başarnyklary bolan ýaş hünärmenleri işe çagyrýarys.