Türkmenbaşy şäherindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk we gämileri abatlamagy ulgamy boýunça ilkinji ädim bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar.
Umumy meýdany 166 000 inedördül metre barabar bolan zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 000 tonna polady işläp, halkara ölçeglerine gabat gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir. Bu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr.
Gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze ýygnalan we bejergileri tamamlanan gämileri suwuň üstüne düşürmek we abatlamak maksady bilensuwdan galdyrmak üçin 10 000 tonna göterijilikli gämi galdyrma we süýşürme ulgamy gurnaldy.
Desgada gurnalan 84 tonna göterijilikli tekerli port krany, 42, 64, 80 tonna göterijilikdäki relslerde hereket edýän kranlar dürli maksatly önümçilik işleri üçin ulanylýar. Zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet ediş howpsuzlygy bilen bagly bölümler utgaşdyrylan ýagdaýda işleri alyp barýarlar.
GiňişleýinBu önümçilik desgasynda ýylda 2000 tonna polat işlemek arkaly 20-30 sany gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge doly mümkinçilik bardyr
Gämileriň gabarasyny we uly göwrümli polat listleri posdan arasslamak, gruntowka işleri we boýag işlerini ýerine ýetirmek.
GiňişleýinAlyp barýan inženerlik işlerimiziň kämilliginiň ýene bir subutnamasy bolsa bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alyp barýan işlerimizdir
GiňişleýinSenagatyň dürli pudaklarynda we oba hojalygy pudagynda ýyladyşhanalarda giňden ulanylýan radiotar enjamlary hem "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda öndürilýär
GiňişleýinZawodyň önümçilik kuwwady ýylda tonna polady işlemek
Awtomatlaşdyrylan ulgamlary peýdalanmak bilen ýylda gämi
2000 tonna polady işlemek arkaly ýylda gämini abatlamak
Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň umumy meýdany