Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň oktýabr aýy boýunça gämiler barada maglumaty
09 Noýabr, 2020 ý.

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan “Etrek” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämisi “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2020-nji ýylyň 08-nji oktýabrynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2020-nji ýylyň 08-nji oktýabrynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, gäminiň öňki we yzky lawrlar we lawr zynjyrlary sökmek işleri tamamlandy.

Ýagdaýy: Häzirki wagtda gäminiň abatlaýyş, demontaž we arassalama işleri dowam edýär.

Türkmenbaşy Halkara Deňiz portyna degişli bolan “Tolkun” tirkeg gämisi “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda ýeňil abatlaýyşa gelip, gäminiň baş dwigateliniň gilza porşenleri çalşyryldy.


Ýagdaýy: 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda zawodyň çäginden gitdi.

Garaşylýar: “Deňiz söwda floty” ÝPGJ-ne degişli bolan “Bagtyýar” ýük awtoulaglar daşamak we ýolagçy gatnadýan gämisi dekabr aýynda abatlaýyş işlerini geçirmeklige.
Meýilleşdirilýär: “GAС Marine S.A.” kompaniýasyna degişli bolan “Şirin” gämisini 30.11.2020 ýylda dok we abatlaýyş işlerini geçirmeklige.