Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
Daşary ýurt kompaniýalary bilen gämi gurluşykda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikler
30 Noýabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň edara binasynda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ-niň, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylary bilen Beýik Britaniýanyň “CIS Equipment Group” we Niderlandlar Patyşalygynyň “Damen Shipyards Gorinchem” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan göz öňünde tutulan gämi gurluşygy we ony maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini taraplar bilen ara alnyp maslahatlaşyldy.