Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrligi bilen senagat we ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk
30 Noýabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministriniň orunbasary A.W. Gruzdewyň başlyklygynda rus wekilýeti, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ-niň ýolbaşçylary arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda, iki ýurdyň arasynda Senagat we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşyldy.