“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-ne degişli bolan “Etrek” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämisi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda zawodyň çägine düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gelip, häzirki wagtda gämide 1-nji we 2-nji gat boýag işleri tamamlanyp, jemleýji 3-nji gat boýag işleri alnyp barylýar.
“BerkDagdan” Hususy kärhanasyna degişli bolan “Feniks-1” (ARKSTAR UNICORN) köp ugurly tirkeg gämisi 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 11-ne zawodyň çägine gelip, häzirki wagtda gämide abatlaýyş işlerine taýynlyk görülýär.
“Mawy Deňiz Gurluşyk” Hojalyk jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda “СM RUBY” tirkeg gämisini 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-ne zawodyň çägine gelip, gämide nobatdaky abatlaýyş işleri geçirmek meýilleşdirilýär.