Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň oktýabr aýy boýunça gämiler barada MAGLUMATY
10 Dekabr, 2020 ý.

“Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli bolan “Etrek” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämisi “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2020-nji ýylyň 08-nji oktýabrynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2020-nji ýylyň 08-nji oktýabrynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, gäminiň öňki we yzky lawrlar we lawr zynjyrlary sökmek işleri tamamlandy.

Ýagdaýy: Häzirki wagtda gäminiň abatlaýyş, demontaž we arassalama işleri dowam edýär.

Türkmenbaşy Halkara Deňiz portyna degişli bolan “Tolkun” tirkeg gämisi “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda ýeňil abatlaýyşa gelip, gäminiň baş dwigateliniň gilza porşenleri çalşyryldy.

Ýagdaýy: 2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda zawodyň çäginden gitdi.

Garaşylýar: “GAC Marine S.A” kompaniýasyna degişli “СМ Ruby” we “Şirin” gämilerini düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeklige.

Şeýle-hem “Ilk Inşaat Taahüt Sanaýi we Tiharet Anonim Şirketi” kompaniýasynyň “Ik Cilavuz” gämisiniň düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeklige.