2020-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ we Koreýa Respublikasynyň “Koreýa Deňiz Enjamlar Barlag-Gözleg Institutynyň” (KOMERI) wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Geljekde türkmen-koreý hyzmatdyşlygyny artdyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ we Koreýa Respublikasynyň “Koreýa Deňiz Enjamlar Barlag-Gözleg Institutynyň” (KOMERI) ikitaraplaýyn özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.