Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
PJ “BGGK” we “Balkan” GGAZ” AGPJ arasynda gämi gurluşygy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi
06 Dekabr, 2020 ý.

2020-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan halkara serginiň bäşinji güni, Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk agentlikleriniň sergileri geçirildi. Şol serginiň dowamynda gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş pudagynda hyzmatdaşlyk babatynda “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Türkmenistan) we “Birleşen gämi gurluşyk korporasiýasy” (BGGK, Russiýa Federasiýasy) paýdarlar jemgyýetiniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda, iki tarapyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläk ediljek işleri ara alyp maslahatlaşyp, duşuşygyň ahyrynda Ähtnama gol çekdiler.