Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde duran gämiler barada MAGLUMAT
14 Ýanwar, 2021 ý.

“Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde duran gämiler barada MAGLUMAT

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ-ne degişli bolan “Etrek” nebit we nebit önümlerini daşaýan gämisi 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda zawodyň çägine düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gelip, gämide ähli boýag we abatlaýyş işleri tamamlanyp tabşyryldy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-ne zawodyň gämi galdyryş desgasyndan düşürildi.

“CASPIAN MAINPORT LIMITED” kompaniýasyna degişli bolan “CM RUBY” tirkeg hyzmat ediş gämisi, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyryldy. Häzirki wagtda gämide ähli boýag we abatlaýyş işleri tamamlanylyp, gämide tabşyryş-kabul ediş işleri ýerine ýetirilýär. Gämi zawodyň çäginden gitmäge taýynlanýar.

“GAС Marine S.A.” kompaniýasyna degişli bolan “Maržan” tirkeg gämisi 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne zawodyň çägine gelip, häzirki wagtda gämide abatlaýyş işlerine taýynlyk görülýär.