Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
2021-nji ýylyň fewral aýynda abatlanýan gämiler barada maglumat
03 Mart, 2021 ý.

«CASPIAN MAINPORT LIMITED» kompaniýasyna degişli bolan «CM RUBY» tirkeg hyzmat ediş gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyryldyp, 2021-ýylyň 15-nji fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyndan düşürildi we zawodyň gämi duralgasynda abatlaýyş işleri dowam edýär.

«Dragon Oil» kompaniýasyna degişli bolan  «Atlet-1» kran gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň çägine 2021-nji ýylyň 02-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, abatlaýyş işleri dowam edýär.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan  «Türkmenistan» gury ýük gatnadýan gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 05-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 05-nji fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp abatlaýyş işleri dowam edýär.