Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
Habarlar
Baş sahypa
Hyzmatlar
Biz barada
Habarlar
Habarlaşmak
tm EN RU
2021-nji ýylyň mart aýynda abatlanýan gämiler barada maglumat
06 Aprel, 2021 ý.

«GAC Marine S.A.» kompaniýasyna degişli bolan «SHIRIN» tirkeg hyzmat ediş gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 01-nji martynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 05-nji martynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, abatlaýyş işleri geçirilýär.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan  «Bagtyýar» ýük awtoulaglar daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2021-nji ýylyň 16-njy martynda gelip, zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyryldy. Häzirki wagtda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. 

«Dragon Oil» kompaniýasyna degişli bolan  «Atlet-1» kran gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň çägine 2021-nji ýylyň 02-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, abatlaýyş işleri dowam edýär. 

«GAC Marine S.A.» kompaniýasyna degişli bolan «MARZHAN» tirkeg hyzmat ediş gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-njy ýylyň 26-nji martynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 26-njy martynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, abatlaýyş işlerine başlandy.