Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
2021-nji ýylyň aprel aýynda abatlanýan gämiler barada maglumat
28 Aprel, 2021 ý.

«Dragon Oil» kompaniýasyna degişli bolan  «Atlet-1» kran gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň çägine 2021-nji ýylyň 02-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, hazirki wagtda abatlaýyş işleri geçirilýär. 

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan  «Türkmenistan» gury ýük gatnadýan gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 05-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 05-nji fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, hazirki wagtda abatlaýyş işleri dowam edýär.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan  «Bagtyýar» ýük awtoulaglar daşamak we ýolagçy gatnatmak üçin gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2021-nji ýylyň 16-njy martynda gelip, zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyryldy. Häzirki wagtda düýpli abatlaýyş işleri dowam edýär. 

«GAC Marine S.A.» kompaniýasyna degişli bolan «Shirin» tirkeg gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 01-nji martynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 05-nji martynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, 2021-nji ýylyň 24-nji aprelinde gämi galdyryjy desgasyndan düşürilip, häzirki wagtda zawodyň gämi duralgasynda abatlaýyş işlerine dowam edýär. 

«GAC Marine S.A.» kompaniýasyna degişli bolan «Marzhan» tirkeg  gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-njy ýylyň 26-nji martynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 26-njy martynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, häzirki wagtda abatlaýyş işleri dowam edýär. 

«At-abraý» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Ceren-E» tirkeg-kran gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji 16-njy aprelinde ýeňil abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, häzirki wagtda abatlaýyş işleri dowam edýär.