Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
2021-nji ýylyň maý aýynda abatlanýan gämiler barada maglumat
28 Maý, 2021 ý.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan «Türkmenistan» gury ýük gatnadýan gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 05-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 05-nji fewralynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, hazirki wagtda abatlaýyş işleri dowam edýär.

«GAC Marine S.A.» kompaniýasyna degişli bolan «Marzhan» tirkeg gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-njy ýylyň 26-nji martynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 26-njy martynda zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, häzirki wagtda abatlaýyş işleri dowam edýär.

«At-abraý» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Ceren-E» tirkeg-kran gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji 16-njy aprelinde ýeňil abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, häzirki wagtda abatlaýyş işleri dowam edýär.

«Bue Marine» kompaniýasyna degişli bolan «Topaz Johor» tirkeg gämisi, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda düýpli abatlaýyşa gelip, 2021-nji ýylyň 13-nji maýynda  zawodyň gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp abatlaýyş işleri dowam edýär.