Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň 4-nji mejlisi
28 Maý, 2021 ý.

 2021-nji ýylyň 11-nji maýynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň wekilleriniň şeýle-de Koreýa Respublikasynyň Deňiz Enjamlaryny Öwreniş Institutynyň wekilleriniň (KOMERI) gatnaşmagynda wideo arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda  ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistan bazaryna girmegine goldaw bermek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de duşuşykda, 2020-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Deňiz Enjamlaryny Öwreniş Instituty (KOMERI) bilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” AGPJ-niň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilendigini belläp, gelejekde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem artdyrmak maksady bilen koreý tarapyny gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.