Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
2021-nji ýylyň Iýun aýynda abatlanýan gämiler barada maglumat
28 Iýun, 2021 ý.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan  «Türkmenistan” gury ýük gatnadýan gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 5-nji fewralynda düýpli abatlaýyşa gelip,  gämi galdyryjy desgasyna galdyrylyp, häzirki wagtda çenli gäminiň lawr zynjyrlary sökülen, gäminiň çep bortunyň we yz tarapynyň ýanama bruslary täzelenen we gäminiň maşyn jaýynda demir listlerini çalyşmak işleri tamamlanan , häzirki wagtda gäminiň arassalanan ballast tanklarynyň demir böleklerini çalşyrmak we gäminiň daşky gabaralaryny abraziw usulda arassalamak işleri dowam edýär.

«GAC Marine S.A.» kompaniýasyna degişli  bolan «Marzhan» tirkeg gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 26-njy martyndan düýpli abatlaýyşda dur.

«At-abraý» hojalyk jemgyýeti  degişli  bolan «Ceren-E» tirkeg-kran gämisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinden ýeňil abatlaýyşda dur.

«GAC  MARINE» kompaniýasyna degişli bolan «Bossan» tirkeg gämisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody»  açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň çägine 2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda düýpli abatlaýyşa geldi we häzirki wagta çenli gäminiň suw asty bölegi arassalandy, şeýle hem  gäminiň kingiston gutularyny arassalamak we klapanlarda abatlaýyş işlerini geçirmek, gäminiň wint-rul ulgamyny sökmek, arassalamak podşibniklerini täzelemek işleri meýilleşdirilýär.