Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» gämi gurluşyk babatynda halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär
05 Maý, 2023 ý.

2023-nji ýylyň maý aýynyň 3-4 aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen ITTC-2023 Halkara ulag forumynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň «RT-CEC» kompaniýasynyň ösüş boýunça direktory, Türkiýe Respublikasynyň «HGS»  gämi gurluşyk kompaniýasynyň başlygy, Koreýa Respublikasynyň «Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň baş direktory, Russiýa Federasiýasynyň «Ak Bars» Birleşen Senagat Korporasiýasy» paýdarlar jemgyýetiniň Baş direktory we orunbasarlary, «Energoimpuls» jogapkäçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda gämi gurluşyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň «RT-CEC» kompaniýasy tarapyndan öz zerurlyklary üçin dedweýti 5000 tonna bolan gury ýük gämilerini bilelikde yzygiderli gurmagy teklip berdi. Berlen teklipde gämileriň gabara bölegini Russiýa Federasiýasynda gurup, galan enjamlary, mehanizmleri, elektrik we turba geçirmek işlerini Balkan zawodynda tamamlamagy teklip berdi.

«HGS»  gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy tarapyndan kompaniýanyň tehniki mümkinçilikleri we häzirki wagta çenli ýetilen sepgitleri barada gürrüň berdi. Ýagny, «HGS»  gämi gurluşyk kompaniýasynyň esasy maksady uzak möhletleýin strategiki taslamalary işläp taýýarlamak, milli flotumyz üçin gämileri gurmak, zawodyň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen okuwlary gurnamak, gämi gurluşyk zawodyny doly güýjünde işledip, ençeme ýurtlara we hususy pudaga gämi gurmak arkaly Türkmenistandan gämileri eksport etmek ýaly birnäçe teklipleri berdi.

«Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy assosasiýa tarapyndan alnyp barylýan hyzmatlar  barada gürrüň berdi. «Balkan»  gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň tehniki mümkinçilikleri barada gyzyklanyp, ýagny «Balkan» zawodynda iş saparynda bolup zawodyň tehniki mümkinçilikleri barada ýerinde içgin tanyşyp, zawodyň önümçilik kuwwadyny ösdürmekde tekliplerini bermek isleýändigi barada belläp geçdi.

 

         Türkmen tarapy häzirki wagtda gury ýük gämilerini gurmak meýilleşdirilýändigini nazara almak bilen, gämileriň tehniki häsiýetnamasy barada gürrüň berdi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmen tarapy Koreýa Respublikasynyň «ODA» maksatnamasyna gatnaşyp grant almakda gepleşikleri geçirýändigi barada belläp geçdi. Bu grant Koreýa Respublikasynyň Senagat, söwda we energetika ministriligi tarapyndan berilýär. Assosasiýa tarapyndan esasan gämi gurluşygynda taslamalaşdyrmak, ornaşdyrylýan enjamlary, materiallary üpjün etmek, ylmyň öňdebaryjy tilsimlerini girizmek, gämi gurluşygynda ugurdaş senagat önümçiligini ýurtda ornaşdyrmak ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilýär.