2023-nji ýylyň 10-njy maýynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň mejlisler zalynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapynan Türkmenistanda gümrük işiniň döwrebaplaşdyrylyşy şeýle hem halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri, multimodallylyk we onuň ulag we logistika amallaryny ýönekeýleşdirmekdäki orny bilen baglanyşykly «Ykdysady gümrük düzgünleriniň üstaşyr ulag geçirijiligi ösdürmekdäki ähmiýeti» atly pudagara okuw maslahaty geçirildi.
Bulardan başga-da 2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly halkara maslahaty we sergisiniň ýokary derejede geçirilendigi we 800-den gowrak öňdebaryjy ulag we logistika ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşandyklary şeýle hem geçirilen halkara maslahatyna we sergisine uly baha berlendigi barada bellenip geçildi.
Geçirilen okuw maslahatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň gümrük işini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugry harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük serhedinden geçirilmegini çaltlandyrmaga ýardam berýän şertleri döredilýändigi we bolsa, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlanýandygy barada gürrüň berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!