Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Rus hyzmatdaşlygy bilen gämi gurluşyk pudagyndaky ösüşler
22 Maý, 2023 ý.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi Russiýanyň deňizde gämi gatnaw registiriniň arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde deňiz ulagy boýunça hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek maksady bilen 2023-nji ýylyñ 15-19-njy maý aralygynda Russiýa Federasiýasynyñ Sankt-Peterburg şäherinde «Russiýanyň deňizde gämi gatnaw registri» klassifikassion jemgyýeti tarapyndan «Gämileri taslamalaşdyrmak we  gurmak babatynda tehniki gözegçiligi amala aşyrmak hem-de ýüzüşde bolan gämilerde barlaglary geçirmek» boýunça geçirilen okuw maslahatyna «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Geçirilen okuw maslahatynda «Russiýanyň deňizde gämi gatnaw registri» klassifikassion jemgyýeti tarapyndan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň  işgärlerine «Gämileri taslamalaşdyrmak we  gurmak babatynda tehniki gözegçiligi amala aşyrmak hem-de ýüzüşde bolan gämilerde barlaglary geçirmek» boýunça degişli şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Mundan beýläk hem «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara kärhanalary bilen Deňiz Registriniň arasynda deňiz ulagy boýunça hünärmenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meýilleşdirilýär.