2023-nji ýylyň 29-njy maýynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
Ýagny, 2023-nji ýylyň 23-nji maýda Aşgabat şäherinde geçirilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamasy kabul edilmegi mynasybetli hoşallyk ýygnagyna Türkmenistanyň ähli pudak edaralarynyň, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara kärhanalarynyň şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ-niň işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtamagymyz gerek. Ýagny, bu möhüm resminamalar ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi.
Bulardan başga-da, ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň gurnamagynda 2023-nji ýylyň maý aýynyň 3-4 aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023» atly Halkara ulag maslahaty we sergisi geçirildi. Halkara ulag maslahatynyň çäginde Russiýa Federasiýasynyň «RT-CEC» kompaniýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň «HGS» gämi gurluşyk kompaniýasynyň, Koreýa Respublikasynyň «Komea» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň «Ak Bars» Birleşen Senagat Korporasiýasy» paýdarlar jemgyýetiniň, «Energoimpuls» jogapkäçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň wekilleri bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda gämi gurluşyk ugry boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi «Balkan» zawodynyň dünýä tanalmagynda şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmeginde uly ädim boldy.
Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Munuň özi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.