2023-nji ýylyň 20-nji iýunynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we bölüm başlyklarynyň gatnaşmaklarynda ýygnaklar zalynda «KOMEA» deňiz enjamlarynyň assosiasiýasy bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar assosasiýasynyň ýerine ýetirýän wezipesi, Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda gämi gurluşyk babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolup biljek ugurlary, strategiki hyzmatdaşlygy, gury ýük we parom gämilerini bilelikde taslamalaşdyrmagyň we gurmagyň, hünärmenleri taýýarlamagyň, gämi gurluşyk tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, enjamlary üpjün etmegiň mümkinçilikleri, zawodyň alyp barýan işlerini sanlylaşdyrmak, hil taýdan dolandyryş ulgamyny we marketing işlerini ýola goýmak şeýle hem zawodyň sehlerindäki desgalaryň we enjamlaryň diagnostiki işlerini geçirip, olary işe goýbermek babatynda tekliplerini berdiler.
Mälim bolşy ýaly Koreýa Respubilkasy gämi gurluşyk senagatynda dünýäde ilkinjileriň hataryna girip, olaryň gurluşyk tehnologiýalary wagt taýdan tiz, hil taýdan bolsa ýokary derejede bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem Assosiýasyýanyň esasy maksady Koreýa Respublikasynyň deňiz enjamlaryny öndürýän edara kärhanalary bilen dünýädaki gämi gurluşyk zawodlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bolup durýandygy we häzirki günde bolsa gämi gurluşygy üçin zerur bolan ähli döwrebap enjamlary we tehnologiýalary assosiasiýanyň öz mümkinçilikleri bilen öndürilýändigi we ornaşdyrylýandygy barada belläp geçdiler.
Şunuň bilen baglylykda KOMEA «Balkan» zawodynyň gämi gurluşyk işlerinde Koreýanyň tehnologiki proseslerini ornaşdyrmagy babatynda tekliplerini berdiler we diňe bir Hazar sebitinde
däl-de, eýsem hem dünýäde bäsdeşige ukyply bolmaga ähli mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gelejekde gämi gurluşygy pudagynda agzalan meseleler babatynda ikitaraplaýyn, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegine ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.