Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan zawodyň çäginde iýul-awgust aýlarynda abatlanan gämiler barada Maglumat
20 Iýul, 2023 ý.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-ne degişli bolan « Bagtyýar» ýolagçy we ýük awtoulaglaryny gatnadýan gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çägine 2023-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne geldi we gäminiň gämi galdyryş desgasyna galdyryldy. Zawodyň hünärmenleri tarapyndan gäminiň suw asty bölegi abraziw pürkme usulynda arassalanyp, boýag işleri ýerine ýetirildi.  Ýagny, gämide abatlaýyş işleri tamamlanyp,  2023-nji ýylyň iýul aýynyň 6-na zawodymyzyň çäginden gitdi.«Ynamly ýol hyzmaty» hususy kärhanasynyň sargytnamasy esasynda «Balykçy» gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çägine 2023-nji ýylyň iýul aýynyň 21-ne geldi we gäminiň gämi galdyryş desgasyna galdyryldy. Zawodyň hünärmenleri tarapyndan gäminiň suw asty bölegi abraziw pürkme usulynda arassalanyp, boýag işleri ýerine ýetirildi.  Ýagny, gämide abatlaýyş işleri tamamlanyp,  2023-nji ýylyň awgust aýynyň 8-ne zawodymyzyň çäginden gitdi.

«Berk dagdan» hususy kärhanasyna degişli bolan «Phoenix-I» tirkeg gämisi, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň çägine 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 18-ne geldi we gäminiň gämi galdyryş desgasyna galdyryldy. Zawodyň hünärmenleri tarapyndan gäminiň suw asty bölegi abraziw pürkme usulynda arassalanyp, boýag işleri ýerine ýetirildi.  Ýagny, gämide abatlaýyş işleri tamamlanyp,  2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 4-ne zawodymyzyň çäginden gitdi.