Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portynda we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda iş saparynda boldular
04 Oktýabr, 2023 ý.

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň işewür kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, telekeçileri tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portyna iş sapary bilen geldiler. Saparyň dowamynda myhmanlar deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwaty bilen ýakyndan tanyşdylar. Myhmanlar portuň ýolagçy-parom we ýük terminallaryna baryp, her terminalyň aýratynlyklary we ýükleriň görnüşlerine görä göz öňüne tutulan häzirki zaman enjamlarynyň portuň çäginde amallary ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşdylar. Myhmanlar portuň meýdanynda uly gabaraly ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenen ýük göteriji tehniklarynyň işleýşine syn etdiler. Soňra myhmanlara deňiz portuň terminallaryň çäklerindäki açyk we ýapyk ammarlary hem-de gümrük ammarynyň hyzmatlary barada, ýagny deňiz portunyň gümrük ammarynda ýükleri we harytlary gümrük paçlaryny tölemezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýändigi barada tanyşdyryldy. Mundan başga-da myhmanlar port tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň nyrhlary we sarp edilýän wagt barada gyzyklanma bildirdiler.

Soňra myhmanlar «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine baryp, zawodyň gämi abatlaýyş prosesine syn etdiler. Myhmanlar zawodyň ähli sehlerine aýlanyp, gämi gurluşyk boýunça taslamalary barada pikir alyşyp, gelejekde myhmanlaryň hem gämi gurdurmak mümkinçiligiň bardygy barada belläp geçdiler. Olar zawodyň ähli tehniklaryny öwrenip, bu ýerde häzirkizaman, kuwwatly tehnikalaryň ulanylýandygyny bellediler.

Saparyň ahyrynda myhmanlar Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň infrastrukturasyna ýokary baha berdiler we türkmen tarapyna gyzgyn garşy alanlary üçin hoşallyk bildiler.