Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Kitap adamzadyň köňül nagşydyr» atly geçirilen maslahat
04 Oktýabr, 2023 ý.

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Beýik Ýüpek ýoly» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň şäher häkimligi bilen bilelikde «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr» ady bilen maslahat geçirildi.

Geçirilen maslahatda Türkmenbaşy şäheri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty şeýle hem «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş toplumynyň başlygy Eziz Matdyýew öz çykyşynda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlaryň bu ajaýyp eserde jemlenendigi barada belläp geçdi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ösüşiň täze tapgyry-berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwrüniň geljek ýyllary üçin kesgitlenen belent maksatlara ýetmekde halkymyzda ruhy goldaw berjekdigini ynam bilen beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň işgärleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.