Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýanyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyk
13 Oktýabr, 2023 ý.

2023-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýanyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda «Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasynyň wekilleri kompaniýanyň alyp barýan işi we bäş materikda ýerleşýän 35 sany gämi gurlyşyk zawodynda gurulýan gämileri barada jikme-jik gürrüň berdiler. Kompaniýa tanker, losman, deňziň düýbüni çuňaldyjy, tirkeg, uly göwrümli gämileri we ýokary derejeli ýahtalar ýaly dürli görnüşli gämileriniň gurluşyklaryny ýerine ýetirýändikleri we belli bir taslamanyň esasynda gurýandygyny belläp geçdiler.

Bulardan başgada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň ýolbaşçylary tarapyndan deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmak babatynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Kompaniýanyň wekilleri gämini zawodyň özünde gurup, gurluşyk üçin zerur bolan materiallary we enjamlary zawodyň we ýerli çeşmelerden peýdalanan ýagdaýynda, taýýar gämini import etmekden ykdysady taýdan amatly boljakdygyny belläp geçdiler. Şeýle hem «Balkan» zawody, täjirçilik teklibini we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämilerini gurmak üçin zerur bolan enjamlar barada maglumatlary soradylar.

Duşuşygyň dowamynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri tarapyndan «Balkan» zawodynyň tehniki mümkinçilikleri, ýagny öňde baryjy tehnologiýaly enjamlar we stanoklar bilen enjamlaşdyrylan sehlary we ýük göteriji tehnikalary barada tanyşdyryldy.

«Damen Shipyards Gorinchem B.V.» kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen gelejek-de deňziň düýbüni çuňaldyjy gämileri gurmak babatda hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygy barada ynam bildirildi.