Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Hytaý Halk Respublikasynyň Guançjou şäherinde geçirilen 134-nji Kanton ýarmarkasy
15 Oktýabr, 2023 ý.

2023-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Guançjou şäherinde Hytaýyň daşary söwda merkezi tarapyndan gurnalan 134-nji «Kanton ýarmarkasyna» «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Kanton ýarmarkasy Hytaýyň öňden gelýän we iň uly sergileriniň biridir. Kanton ýarmarkasy bu Hytaýyň import we eksport ýarmarkasy bolup, her ýylda bu sergä 26 000 golaý hytaý we daşary ýurt kompaniýalary gatnaşýar.  Kanton ýarmarkasynyň esasy maksady Hytaý önümleriniň giň görnüşini görkezmek bilen, dünýäniň dürli künjeginden alyjylary özüne çekýär we Hytaýda uly işewür gatnaşyklary döredýär.

Geçirilen ýokary derejeli 134-nji Kanton ýarmarkasynyň çäklerinde Türkmen tarapyndan esasan hem gämi gurluşyk ugry boýunça uly gyzyklanma bildirildi. Kanton ýarmarkasynda gämi gurluşygy üçin zerur bolan materiallary we enjamlary satyn almakda we tejribe alyşmakda, şeýle hem Hytaý öndürüjileri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen birnäçe netijeli duşuşyklar geçirildi.