Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk Forumy geçirildi
02 Noýabr, 2023 ý.

1-nji noýabrda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirildi. Mejlis «Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk» atly tema bagyşlandy.

Geçirilen 16-njy «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Foruma gatnaşan döwletlerde ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sebit meseleleri, milli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan anyk çäreler hem-de işler duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň hataryndan orun aldy. Halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we berkitmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ýaşlaryň özara hyzmatdaşlygyna degişli wajyp başlangyçlar öňe sürüldi.

Forumyň dowamynda ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçilikleri şeýle hem gämi gurluşyk pudagy boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda esasy üstaşyr merkez hökmünde tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň häzirki zaman gara ýol, demir ýol, howa, deňiz we aragatnaşyk ugurlaryny öz içine alýan ösen ulag infrastrukturasynyň bardygy bellenip geçildi.

Sessiýa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň ulag –logistika we gämi gurluşyk pudagynda, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we ýurtlary bütin dünýä ulag torlaryna birleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açjakdygy babatynda ylalaşdylar. Bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, öňdebaryjy tejribäniň we tehnologiýalaryň alyş-çalşygy milli ulag ulgamlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, sebitleýin we halkara ulag - logistika zynjyrlarynyň we gämi gurluşyk pudagynda netijeli arabaglanyşygyna kömek eder.