Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli halkara forum geçirildi
26 Noýabr, 2023 ý.

26-njy noýabrda Aşgabatda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Foruma Türkmenistanyň ulag düzümleriniň ýolbaşçylary, BMG, Demirýol boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara awtoulaglar birleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň we beýleki halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibi sebit we ählumumy ulag meýilnamasyny, ykdysady ösüşde möhüm şert hökmünde ulagyň orny, sosial we daşky gurşawyň durnuklylygyna goşant goşmagy öz içine alýar. Bu duşuşyk BMG-niň Dubaýda geçiriljek Howa boýunça ählumumy sammitiniň öňüsyrasynda bolup geçýär we onda ulagyň ýetirýän täsiri netijesinde howanyň üýtgemegi, ulag pudagynyň dekarbonizasiýasy we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna üns berilýär.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda sebitdäki ulag geçelgelerine we global torlara birikmek nukdaýnazaryndan ýurduň ulag ulgamynyň ýagdaýy barada gysgaça düşündiriş berdi, şeýle hem elektrikleşdirmek, nyrh syýasaty, howpsuzlyk we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi.

Maslahatda çykyş edenleriň arasynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, “Türkmendemirýolary” we “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ýolbaşçylary - Azat Atamyradow we Guwançmyrat Akmämmedow hem bar.

Foruma Demir ýol boýunça hyzmatdaşlyk guramasynyň başlygy Miroslaw Antonowiç, Halkara awtoulaglar birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) ýolbaşçysy Hosraw Noziri, Halkara howa ulaglary assosiasiýasynyň (IATA) infrastruktura boýunça müdiriniň orunbasary Dmitriý Kosolapow wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.