Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Koreýa Respublikasynda iş saparynda boldylar
24 Noýabr, 2023 ý.

2023-nji ýylyň 17-28-nji noýabr aralygynda Koreýanyň deňiz enjamlary assosasiýasynyň Russiýadaky wekilhanasy tarapyndan Koreý-Türkmen bilelikde müşderileri çekmek we gämi gurluşyk enjamlary we materiallaryň öndürijileri bilen tanyşmak maksady bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri iş saparyna ugradylar.

Iş saparyň çäklerinde Koreýanyň deňiz enjamlary assosasiýasynyň wekili bilen bilelikde Koreýanyň gämi gurluşyk tehnologiýasynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem «Hyundai Heavy Industries» kompaniýasynyň gämi gurluşyk zawody, «Far East Ship Design & Engineering» Co., Ltd.» taslama işlerini alyp barýan kompaniýasy, «Kiswel Korea» Ltd. Kompaniýasy, «Stauff Korea» Ltd. Kompaniýasy, «Jotun» kompaniýasy we «Kiduck Industry» Co., Ltd kompaniýasy bilen duşuşyklar geçirildi.

Bulardan başga-da Koreýa Respublikasynyň «Yousung» Co., Ltd. kompaniýasy bilen içgin tanyşdyryldy. Ýagny, bu kompaniýa turba önümçiligi bilen meşgurlanyp islendik göwrümdäki turbalary aýda 4000 tonna çenli öndürmäge mümkinçiliginiň bardygy, şeýle hem  bu kompaniýanyň önümçilik sehiniň uzynlygy 100 metr bolup, onda 7 adam doly önümçilik işi alyp barýandygy barada giňişleýin tanyşdyryldy.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň wekilleri 2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda KOMEA-nyň «Gämi abatlaýyş we gämi gurluşygynyň global ulgamy 2023: Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna degişli bolan döwletleriň gämi eýeleriniň B2B duşuşygy» atly çäresine gatnaşyldy. Ýagny, geçirilen çärede Türkmenistan bilen Koreýanyň häzirki wagtda gämi gurluşygy boýunça alyp barýan işleri hem-de geljekdäki mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Koreýa Respublikasynda häzirki wagtda gämi gurluşygyna degişli bolan kompaniýalaryň geljekde «Balkan» zawody bilen ýakyndan işleşmege hem-de dillerlik we wekillik bermeklige uly höwesleriniň bardygyny belläp geçdiler.