Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Ýaşlar güni mynasybetli geçirilen Halkara sergi we maslahat
27 Dekabr, 2023 ý.

2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň uly üstünlikler bilen jemlenmegi mynasybetli ýaşlar ýylyna bagyşlanyp Halkara maslahat we sergisi geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  tutanýerli baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, deňiz-derýa ulag pudagy giň gerimde ösüp, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan suw ulaglarynyň döwrebäp we gysga möhletde abatlanýanlygy şeýle hem  uly göwrümli işler alnyp barylanlygy barada birnäçe çykyşlar edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň jeminiň jemlenmegi mynasybetli  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekdäki işjeňligini hem-de ýurdumyzda deňiz-derýa ulag pudagynda gazanylýan üstünliklere goşan goşandyny, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny, joşgunly zehinini we ezberligini, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini nazara alyp, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň baş direktorynyň orunbasary Nurmyrat Kerimowiç Allanazarowa Hormat haty, şeýle hem Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Serdar Berdimuhammedowyň «Ýaşlar-Watanymyň daýanjy» atly kitaby we Gahryman Arkadagymyzyň  Gurbanguly Berdimuhammedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby gowşuryldy.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, hemişe tutýan tutumly işleri rowaç almagyny arzuw edýäris.