Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy dostlugyň we parahatçylygyň ruhlandyryjysy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
18 Ýanwar, 2024 ý.

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi we “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Gämi gurluşyk we abatlaýyş toplumynyň başlygy şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty E.Matdyýew,  “BALKAN” sanly ulgamlary” gullugynyň Kompýuter ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça hünärmeni A.Goňurjaýewa bilen bilelikde «Magtymguly Pyragy dostlugyň we parahatçylygyň ruhlandyryjysy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

         Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilmegi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, şan-şöhratyny we halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de öwüt-ündewleri hakynda gyzykly söhbetler edildi.

Şeýle hem söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň  şu günki we geljekki ýaş nesil üçin ýankitaba öwrüljekdigi nygtaldy.