Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Günorta Koreýanyň gämi gurluşygynda gazanan üstünlikleri
01 Fewral, 2024 ý.

Dünýä habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, oktýabr aýyndaky  görkezijilerine görä gämi gurluşyk boýunça sargytlarynyň umumy mukdary 60 gämä barabar boldy. Bu bolsa öten ýylky döwür bilen deňeşdirilende 44% az.

Olardan Günorta Koreýa 34 gämi bolan Hytaýdan öňe geçip, 18 gämi üçin sargyt aldy. Üç aýyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň gämi gurluşykçylary birinji ýeri eýeledi.

Şeýle hem, soňky dünýä statistika görkezijilerine görä, ýanwar-oktýabr aýlarynda dünýä boýunça gämi gurluşyk zawodlarynyň umumy sargytlary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1324-den gowrak gämi boldy. Günorta Koreýa (832 gämi bilen) Hytaýdan soň ikinji ýerde durýar (1842 gämi bilen).

Şeýle hem, bilermenleriň seljermesine görä, koreý gämi gurluşykçylary geljek ýylyň dowamynda sargytlaryň esasynda maksatlaryna ýeterler. Häzirki wagtda Günorta Koreýanyň gämi gurluşyk zawodlary üçin girdeji üpjün etmekde ýokary goşmaça gymmaty bolan gämilere bil baglaýarlar.

Bular-dan başga-da, 2020-nji ýylyň iýun aýynda üç sany koreý gämi gurluşyk zawodlary «Qatar Petroleum» Katar döwlet nebit kompaniýasy bilen «LNG» nebit daşaýjy tankerini gurmak boýunça şertnama baglaşdy. Şol sebäpli üç ýylyň dowamynda gämi gurluşyk zawodynyň iş mukdary doly üpjün ediler.

Gämi gurluşygy üçin berlen sanlaryň arasynda 2023-nji ýylyň sentýabrynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada şertnama gol çekildi. Gol çekilen şertnamanyň çäginde Koreý inženerleri «Balkan» zawodynyň hünärmenlerini Koreýanyň gämi gurluşyk tehnologiýasy boýunça taýýarlar. Şeýle hem zawodda hil dolandyryş ulgamy ornaşdyrylar, taslama bilen bagly bolan ähli işler tamamlanýança, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak üçin gämi gurluşygynda ýokary derejede kabul edilen standartlar bilen amala aşyrylar.

Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada gämi gurluşygyň ösmegine itergi berer.