Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämi gurmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär
05 Fewral, 2024 ý.

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda  «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we bölüm başlyklarynyň gatnaşmaklarynda ýygnaklar zalynda «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ýagny, 2023-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ýük göterijiligi 6100 tonna bolan iki sany gury ýük gämilerini bilelikde gurmak barada gol çekilen şertnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, gämi gurluşyk boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada meýilnamalar düzüldi.

Şunuň bilen baglylyk-da, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Balkan» zawodynyň önümçilik düzümine degişli bolan hünärmenleri degişli ugurlar boýunça ýakyn wagtlarda okatmak, «Balkan» zawodyny ISO Halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrmak we gämi gurluşyk barada anyk meseleler barada birnäçe teklipleriň üstünde durulyp geçildi.  

Bulardan başga-da iş saparyň çäklerinde «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri üçin gämi gurluşyk döwründe «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody tarapyndan üpjün ediljek ýaşaýyş jaýlarynyň şertleri bilen tanyşdyryldy.

Iş saparyň çäklerinde taraplar bilelikde gurulmagy meýilleşdirilýän gämiler boýunça oňyn netijeleri gazanjakdyklary we ýakyn wagtda gämi gurluşyk işleriniň başlanjakdygy barada belläp geçdiler.