Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
«PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody gämi gurmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýär
06 Fewral, 2024 ý.

Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýü-jilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda gurap, bu ugra gyşarnyksyz eýerýär we döwletara derejesinde oňyn syýasy gatnaşyklary, netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy ösdürýär, şeýle hem abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde hem milli flotumyzyň, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet baýdagy astynda ýüzüşleri amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalarynyň gämileriniň deňizde ýüzüşiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we deňiz gurşawyny goramagy babatynda Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna we milli kanunçylygymyza laýyklykda ýüzüşleri amala aşyrylýar.

   Häzirki wagtda «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen böleginde, kenarýaka zolagynda önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda üstünlikli işleri alyp barmagy ýurdumyzyň nebit-gaz toplumyny ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Ýagny, beýan edilenleri nazara alyp,  2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň arasynda «Saparmyrat Turkmenbashy» özbaşdak göterilýän platformasynyň Klass derejesini üýtgetmek we ony deňizde ýaşaýyş desgasyna öwürmek boýunça şertnama gol çekildi.