Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler
07 Fewral, 2024 ý.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň  arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga» gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralaryň wekilleri iki ýurduň arasynda alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan we Koreýa Respublikasy üçin köp ýyllyk dostlukly we ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara daýanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşiniň orny barada aýratyn belläp geçdiler. Mundan beýläk hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde, berkidilmeginde ýokary derejeli gatnaşyklar uly orna eýe bolup durýar.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, dowamly we uzak möhletli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Olaryň arasynda Arkadag şäherinde senagat klasterini döretmek taslamalary, gaz himiýa zawodlaryny gurmak, elektrik ulaglaryny we elektrik awtobuslaryny satyn almak, “akylly şäherleriň” gurluşygyna iň täze sanly, maglumat, aragatnaşyk we beýleki tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin maýa goýumlary, deňiz suwuny süýjediji usullary we tehnologiýalary ulanmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin täzeçillikler, maliýeleşdirmegiň diwersifikasiýasy, ýaşyl we wodorod energiýasy boýunça Koreýa Respublikasynyň tejribesini öwrenmek, bäsdeşlige ukyply önümlerini öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek ýaly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ulag pudagy babatynda alnyp barylýan işler barada durulyp geçildi.

Şu nukdaýnazardan, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki şeýle hem gämi gurluşyk ugry boýunça  hyzmatdaşlyk hakynda Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli gural hökmünde bellenildi.