Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» kitabyna we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylyň şygaryna bagyşlanan duşuşyk geçirildi
08 Fewral, 2024 ý.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Koreýa Respublikasynda okaýan türkmenistanly talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew çärede çykyş etmek bilen, türkmen nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adamzady jebislige we ynsanperwerlige çagyrýan beýik döredijilik mirasynyň dünýä edebiýatynda we medeniýetinde eýeleýän örän uly orny we ähmiýeti barada belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň «Ýaşlar - Watanyň daýanjy»  atly ilkinji kitaby bilen tanyşdyrmak bilen, önuň diňe türkmen ýaşlary üçin däl, eýsem, tutuş türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti barada nygtaldy.

Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar şahyryň hem akyldaryň halkara derejesinde döredijiligini wagyz etmek babatynda Türkmenistanda möçberli işleriň amala aşyrylýandygy bellendi.

Şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýylyň dowamynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli forumlaryň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçiriljekdigi hem-de olaryň medeni-ynsanperwer ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilýandigi bellendi. 

TÜRKSOÝ-yň çäklerinde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary - Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmegi Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada duşuşykda aýratyn nygtaldy.