Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Koreýadaky iň uly we iň köne «Korea Build» atly gurluşyk sergisi
09 Fewral, 2024 ý.

«Korea Build Busan 2024» bu Günorta Koreýa bazaryndaky binagärlik we gurluşyk önümleri we hyzmatlary bilen baglanyşykly ähli ugurlara gönükdirilen gurluşyk materiallar sergisi bolup, 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan 29-njy sentýabryna çenli Günorta Koreýanyň Busan şäherinde geçiriler.

«Korea Build Busan 2024» dürli attraksionlary we dürli mazmunlary öz içine alýan bu   sergi gatnaşyjylar üçin iň oňat iş mümkinçiliklerini we peýdaly maglumatlary hödürleýär.

«Korea Build» sergisi 1986-njy ýylda döredilip, Koreýanyň gurluşyk pudagynyň ösmegi we sergä gatnaşýanlaryň sany bilen ösdi. Bu  Koreýada ilkinji, taryhy we däp-dessurlary öz içine alýan, iň uly we iň gadymy gurluşyk sergisidir. Mundan başga-da, Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministrligi tarapyndan Koreýanyň iň ýokary sergisi hökmünde saýlanyp, dünýädäki iň ýokary sergi hökmünde çykyş edýär.

Her ýyl sergä gatnaşyjylaryň 70-80% göterimi täze önümleri we tehnologiýalary bilen tanyşdyrýarlar. Bu ýarmarka, hünärmenleriň arasynda «hökman görmeli” sergi hökmünde ykrar edilen. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda brend eksponentleriniň tanalyşy 90% -e golaýy bolup, sergä gatnaşýanlaryň 50% -i öz markasynyň abraýyna ynam bildirip sergä gatnaşmaga ynam bildirýärler. Netijede, sergi eksponentleriniň sany we meýdançasynyň ululygy boýunça iň uly sergidir.

Bulardan  başga-da,  bu global sergisi Ýapanaponiýa, Hytaý, ABŞ, Germaniýa we Merkezi Aziýa ýurtlary ýaly köp sanly ýurtlardan myhmanlary  özüne çekýär.