Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody
tm EN RU
Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) BUNKER-2001 konwensiýasyna goşuldy
12 Fewral, 2024 ý.

Gämilere bunkerleme hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde halkara talaplaryny berjaý etmek maksady bilen, «Bunker ýangyjy bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi barada halkara konwensiýasyna» (BUNKER-2001) goşulmak barada degişli işler geçirilip, Halkara deňiz guramasy (HDG) tarapyndan Türkmenistanyň Konwensiýa goşulmagy makullanyldy. Konwesniýa ýurdumyz üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinden başlap girýär.

BUNKER-2001 konwensiýasy HDG-sy tarapyndan 2001-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilip, 2008-nji ýylyň 21-nji noýabryndan güýje girdi. Habarda bellenilişi ýaly, Konwensiýanyň esasy maksady – bunker ýangyjy bilen hapalanmak boýunça jogapkärçiligi kesgitlemek amallaryny we ýeke-täk öweziniň dolunmagy üçin ýeke-täk halkara kadalary we tertibi kabul etmekden ybarat. Konwensiýa laýyklykda, bunker ýangyjy – bu gämi hereketlendirijileriniň işlemegi üçin peýdalanylýan ýangyçdyr. Konwensiýa ýangyç dökülmeleri netijesinde zyýan çeken taraplara çalt we netijeli öwez dolmany üpjün edýär.

Häzirki wagtda BUNKER-2001 konwensiýa dünýäniň 100-den gowrak döwletleri agza bolup, şol sanda Hazarýaka döwletlerinden Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy bu konwensiýa goşuldy.